daňylmak

daňylmak
işlik
1) Ýüpüň we ş. m. zatlaryň uçlary düwlüp birleşdirilmek, baglanmak, çatylmak.
2) Bir zada baglanyp goýulmak, berkidilip goýulmak, iltelmek, baglanmak.
∙ Esgiden tikilip, sapak bilen küýzäniň gulpuna daňlan dykysyny açdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
3) Saralyp baglanmak, oralyp berkidilmek, baglanmak. O.
∙ Goluna gyzyl mata daňlan gara kostýumly bir adam yzyna iki sany soldat eýärdip, kameranyň içine girdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
4) Göçme manyda Köp garaşyp durmak, bent bolmak, garaşyp hiç ýaňa gidip bilmän durmak.
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem daňylmak - daňlar, daňlypdyr.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»